Halaç etrabynyň nah ýüplük egirme kärhanasy 10 aýlyk meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirdi


05.11.2021

Halaç etrabynyň Çohpetde obasynda gurlan Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah ýüplük egirme kärhanasynda 10 aýlyk meýilnamada görkezilen 9 million 414 müň manatlyga derek 43 million 971 müň manatlyk önüm öndürilip, meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi. Netijede, ýüplügiň 4350 tonnasy öndürilip, ösüş depgini 149.5, göterime barabar boldy.

Önümi öz wagtynda satmak hem her bir kärhana üçin esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bu ýerde öndürilýän NM-34/1, NM-20/1, NM-17/1, NM-27/1 we NM-14/1 tipli ýüplükleriň ähli talaplara doly laýyk gelýändigi üçin mydama hyrydary ýetik.

Türkiýe, Polşa, Eýran, Ermenistan, Russiýa ýaly döwletleriň bu döwürde satyn alan ýüplükleri 28 million 802 müň manatlyk boldy. Bu bolsa ähli öndürilen önümiň 60 göterimden gowragynyň daşary ýurtlara satylandygyny görkezýär.