«Türkmenbaşy adyndaky jins toplumy» öz önümleriniň eksport möçberlerini we görnüşlerini artdyrmagy meýilleşdirýär diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň saýty habar berýär.
Kärhananyň kuwwatlyklara oňa her aýda matanyň kesgitli görnüşiniň 1 million 250 müň metrini öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde dürli galyňlykdaky — 8-den 15 unsiýa çenli, gök, gara, ýaşyl reňkli jins materiallary çykarylýar. Toplumyň tikinçilik fabrigi her ýylda 3 milliondan gowrak erkek, zenan we çaga jinsilerini öndürýär.
«Türkmenbaşy adyndaky jins toplumy» öz işine 1996-njy ýylda başlady. Onuň binýadynda egriji,, tikinçilik, boýag fabrikleri, şeýle hem gaplama sehi we taýýar önümler saklanýan ammar hereket edýär. Kärhananyň işgärler düzümi 3 müňden gowrak hünärmeni öz içine alýar. Häzirki wagtda «Türkmenbaşy adyndaky jins toplumy» ÝGPJ Merkezi Aziýada öz ugrundan iri kärhanalaryň biri bolup durýar.
Copyright © 2023 | Ähli hukuklar goragly