Geçen hepdede TDHÇMB-de söwda geleşikleriniň netijesi


20.06.2022

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda Türkmenistanyň Dokma senagat ministrligi boýunça söwda geleşikleriniň 11-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň telekeçileri nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 645 müň dollaryndan gowrak boldy.

Nah ýüplük Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Hindistanyň, Gazagystanyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Geleşikleriň jemi bahasy 8 million 885 müň manatdan gowrak boldy.