DAŞOGUZ ŞÄHERINDÄKI «SERDAR» PAGTA EGRIJI FABRIGINIŇ DURKY TÄZELENER


27.05.2022

Daşoguz şäherindäki «Serdar» pagta egriji fabriginiň durkuny täzelemek we döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Şunda Dokma senagaty ministrligi tarapyndan halkara bäsleşik geçirilip, bu mesele boýunça teklipler öwrenildi.

Daşoguzda geçirilen göçme Hökümet mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjowyň hasabatynda bellenişi ýaly, fabrigiň durkunyň täzelenip, döwrebap enjamlar bilen täzeden enjamlaşdyrylmagy netijesinde kärhananyň önümçilik kuwwaty artar, öndürilýän önümleriň hili ýokarlanar, eksportyň möçberleri artar, täze iş orunlary dörediler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagynyň we öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilmeginiň öňde goýlan maksatlara üstünlikli ýetmäge ýardam edýändigini nygtap, teklipleri içgin seljermegiň, olaryň üstünde işlemegiň wajypdygyny aýtdy we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.