Türkmenistan pagta we beýleki ekinleriň ýazky ekişine taýýarlanýar


03.02.2022

Türkmenistanyň Prezidentiniň wideoaragatnaşyk arkaly geçiren nobatdaky iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew we welaýatlaryň häkimleri ýerlerde möwsümleýin oba hojalyk işlerine ― pagtanyň hem-de beýleki ekinleriň ýaz ekişine taýýarlyk görülýändigini habar berdiler.

Häzirki wagtda ekin meýdanlarynda topragy ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinlerini ekmek üçin taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem bu oba hojalyk möwsiminiň başlamagyna degişli tehnikalar taýýarlanylýar. Ekin meýdanlarynda suwaryş we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça işler geçirilýär.

Pagta meýdanlarynda bolsa sürüm, tekizlemek işleri geçirilip, daýhanlar ýokary hilli ekiş materiallary bilen üpjün edilýär.