​Daşary bazarda Daşoguzuň egriji kärhanasynyň önümlerine isleg artýar


17.01.2022

Ýurdumyzda nah ýüplügini daşary döwletlere ibermekde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz pagta egriji kärhanasy öňdebaryjy orny eýeleýär. Bu kärhana daşary bazarda ynamdar, öz borçlaryny wagtynda we ýokary hil derejesinde ýerine ýetirýän hyzmatdaş hökmünde özüni tanardy. Geçen ýylda kärhana tarapyndan dünýä bazarynda ýokary islege eýe bolan «Ring» haryt-nyşanly pagta ýüplüginiň uly möçberi Türkiýe, Beýik Britaniýa, Gruziýa, Gyrgyzystan, Ukraina we beýleki döwletlere iberildi.

Daşoguz pagta egriji kärhanasynda döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen önümçiligiň hasabyna ýokary hilli hem-de ekologiki taýdan arassa harytlar öndürilýär. Şunda pagta ýüplügi halkalaýyn usulda egrilip taýýarlanylyp, ol dünýäniň iň döwrebap hil talaplaryna laýyk gelýär. Kärhananyň kuwwatlylygy bir ýylda pagta süýüminiň 16,6 müň tonnasyny we «Ring» haryt-nyşanly pagta ýüplüginiň 14,5 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berýär. 2021-nji ýylda kärhana tarapyndan umumy bahasy 89 million manatdan gowrak bolan önümler öndürildi.