Pagta Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýär


14.01.2022

2022-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda pagtanyň bir funtunyň bahasy ABŞ-nyň 1 dollar 14 sentine deň boldy. Şeýle hem ol geçen ýylyň soňky hepdesiniň iň arzyly harydyna öwrüldi. Şunlukda, «ak altyna» bolan islegiň saklanýandygyny we onuň önümçiliginiň azaldylmagynyň bu harydyň bahasynyň ýokarlanmagyna getirjekdigini ynam bilen aýdyp bolar. Bu barada «Бизнес Туркменистан» maglumat-işewürlik portalynda habar berilýär.

Dünýäniň birnäçe döwletlerinde pagta ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň hem-de girdejisiniň esasy çeşmesi bolup hyzmat edýär. Olarda goşmaça bahanyň ýokarydygy sebäpli pagta önümçiligi öňdäki orunlary eýeleýär. Biziň günlerimizde daşary döwletleriň 100-e golaýynda pagtany ösdürip ýetişdirmek üçin niýetlenilen ekin meýdanlary 32 million gektara barabardyr. Şunuň bilen baglylykda, pagta hasylynyň möçberi ýylyň ýylyna artdyrylýar.

Dünýä boýunça süýüm önümçiliginde pagta süýümi, takmynan 35% eýeleýär. 1970-nji ýylda pagta çig malyndan süýüm önümçiligi dünýä boýunça 12 million tonna bolup, 2020-nji ýyla çenli bu görkeziji 26 million tonna golaýlady.

Pagtaçylyk Türkmenistanyň oba hojalygy medeniýetinde esasy ugurdyr. Pagta senagaty bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ähmiýetli orny eýeleýär. Türkmenistanyň daşary döwletlere pagtany eksport etmegi umumy eksport ugurly harytlaryň 15%-ni, şol sanda Özbegistana we Täjigistana iberilýän harytlaryň degişlilikde 45% hem 20%-ni tutýar. Özbegistanyň JIÖ görkezijisinde pagtanyň paýy 8%-e, Täjigistanda 8,2%-e,Türkmenistanda bolsa 4%-e deňdir.

Häzirki wagtda Türkmenistan ýylda 300 müň tonnadan göwrak önümçilik kuwwaty bilen dünýäniň pagta öndürijileriniň onlugyna girýär. Ýurdumyzyň eksport harytlarynyň arasynda pagta süýümi esasy orunlaryň birini eýeleýär. Türkmenistan pagtany netto-eksport ediji (нетто-экспортер) hökmünde tanalýar.

Geçen ýyl Türkmenistanda 1 million 250 müň tonna pagta hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Şol sanda Ahal welaýatynda 280 müň tonna, Balkan welaýatynda 10 müň tonna, Daşoguzda 275 müň tonna, Lebapda 320 müň tonna, Mary welaýatynda bolsa 365 müň tonna pagta hasyly taýýarlanyldy.