Hökümetiň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiew 2022–2025-nji ýyllar üçin ösümlikleri goramak boýunça döwlet maksatnamasynyň taslamasyny hödürledi. Taslama Türkmenistanyň "Ösümlikleri goramak baradaky" kanunyna laýyklykda taýýarlandy.
Bu döwlet maksatnamasy ösümlikleri goramagyň agrotehniki, himiki we biologiki ugurlaryny ösdürmäge, şeýle-de ösümlikleri goramak üçin niýetlenen serişdeleri barlagdan geçirmäge we bellige almaga gönükdirilen.
Ylmy tejribe alyşmak üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlar we halkara guramalar bilen okuw seminarlaryny geçirmek arkaly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meýilleşdirilýär.
Copyright © 2023 | Ähli hukuklar goragly