Türkmenistanyň dokma senagaty bars ýyly mynasybetli täze önümleri öndürdi


28.12.2021

Türkmenistanyň Dokma senagaty Gündogar senenamasy boýunça bars ýylyny garşylamaga taýýarlyk görýär. Bu ministrlige degişli dükanlarda barsyň keşbindäki önümler — ýorgan-düşek toplumlary, aşhana esbaplary, şeýle hem ulular we çagalar üçin niýetlenilen egin-eşikler satuwa çykaryldy.

Barsyň keşbindäki täze önümlerden başga-da, bu ýerde Täze ýyl baýramy mynasybetli sugunlaryň, Aýazbabanyň we gar adamyň şekili bilen ýörite bezelen joraplar, süýjülik sowgatlary üçin ädiklerdir beýlekiler alyjylara ýetirilýär.

Dükanyň alyjylary baýramçylygyň şanyna öndürilen harytlaryň dürli görnüşlerini uly isleg bilen satyn alýarlar hem-de olary Täze ýyl sowgady hökmünde ýakynlaryna berýärler.

«Biziň harytlarymyz ekologiki taýdan arassa we ýokary hillidir. Şonuň üçin-de olar diňe bir içerki bazarda däl, eýsem daşary ýurtlarda-da ýokary islegden peýdalanýar. Biz öz zähmetimiz bilen ýurdumyzyň ösüşine goşant goşýandygymyza örän buýsanýarys» — diýip, Türkmenbaşy adyndaky tikinçilik dokma toplumynyň tikinçisi Akjemal Gurbanmyradowa gürrüň berýär.