Türkmenistanda pagta meýdanlaryny azaltmak göz öňünde tutulýar


21.12.2021

Türkmenistanda pagta meýdanlaryny azaltmagyň hasabyna ýeralmanyň, gök-bakja önümleriniň we ýüpek gurçugy üçin zerur bolan tut agaçlarynyň ekilişini artdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu barada hepdäniň anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer E.Orazgeldiýew hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, her ýylda 620 gektar ýere gowaça tohumy ekilip, ondan 1 million 250 müň tonna pagta çig maly alynýar. Ýeralma we beýleki bakja önümleri üçin 55550 gektar ýer berilýär.

Pagta meýdanlaryny 580 gektara çenli azaltmak barada teklip welaýatlaryň häkimleri bilen bilelikde işlenilip taýýarlanyldy. Şunlukda, gök-bakja we ýeralma ekinleri üçin 40 müň gektar ýer bölünip berler.