Türkmenistanyň dokma önümleri ynsanperwer kömeginiň bir bölegine öwrüldi


17.12.2021

Owgan halkyna nobatdaky ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmaga Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi hem işjeň gatnaşýar. Ugradyljak kömegiň içinde dokma we oba hojalyk önümleri, öý goşlary, lukmançylyk we nebit önümleri bar.

Goňşy ýurda ynsanperwer kömegini guramaga Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agza telekeçileri, Oba hojalyk ministligi, “Türkmengaz” Döwlet konserni we Seýdidäki nebiti gaýtadan işleýän zawod öz goşantlaryny goşdular.

Owganystana muzdsuz kömegi eltip bermek Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan amala aşyrylar.