Türkmenistanda ýylyň başyndan bäri takmynan 2 million tut nahal oturdyldy


11.12.2021

Şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň daýhan birleşiklerinde tut agajynyň nahallarynyň 2 milliona golaýy oturdyldy.

Türkmenistanyň dokma senagaty üçin zerur bolan pile önümçiliginde Daşoguz welaýaty öňdebaryjy orny eýeleýär. Her ýylda welaýatyň ýüpek öndürijileri tarapyndan piläniň 500 tonna golaýy taýýarlanylýar. Sebitde ekilen tut agaçlary 2 gektardan gowrak meýdany eýeleýär.

Tut agaçlary Türkmenistanda diňe ýüpek önümçiliginiň ösüşi üçin däl, eýsem güýçli şemaldan goranmak, ýerasty suwlaryň derejesini peseltmek, guramagyň öňüni almak, emeli kanallaryň kenaryny berkitmek maksady bilen ösdürilip ýetişdirilýär. Olar çyglylygyň mukdaryna garamazdan, islendik görnüşli toprakda ösýärler.

Şeýle hem tut agaçlary şäheriň ýaşyl zolagynyň düzümine girýär. Onuň miwesi bolsa azyk önümi hökmünde peýdalanylyp, bal görnüşinde gyş üçin ýapylýar we kakadylyp iýilýär. Tut agajyndan saz guraly, gap-gaçlar, owunjak hojalyk serişdeleri ýasalýar. Onuň ýapraklary iri we ownuk şahly öý haýwanlary üçin iýmit bolup hyzmat edýär.