Ministrler Kabinetiniň mejlisinde dokma toplumynyň ýanwar-noýabr aýlary boýunça hasabat berildi


07.12.2021

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow 2021-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýurdumyzyň dokma we söwda toplumynda gazanylan ösüş görkezijileri hakynda hasabat berdi.

Şu ýylda Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürilen önümleriň, şol sanda pagta ýüplüginiň we matalaryň möçberi degişlilikde 120,2 we 105,5%, tikin we trikotaž önümleri 116,4%, deri önümleri bolsa 104,7% boldy.