Iş maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri pagta hasyly barada hasabat berdiler


27.11.2021

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesiniň, welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatda pudak ýolbaşçylary ýurdumyz boýunça möhüm oba hojalyk möwsümi bolan pagta ýygymy boýunça işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdiler.

Sebitlerde oba hojalyk işleriniň depginini, şol sanda oba hojalyk tehnikalary bilen üpjün etmegi artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada häkimleriň hasabatlary diňlenildi. Pagta hasylyny ýitgisiz ýygnamak üçin bu möhüm oba hojalyk möwsüminde kombaýnlaryň hyzmatyndan peýdalanylýar.

Ýygnalan hasylyň bökdençsiz daşalmagyny guramak üçin sebitiň ýolbaşçylary zerur bolan tehnikalaryň üpjünçiligine gözegçilik edýärler.

Iş maslahatynda çykyş edenler pagta ýygymy möwsüminde güýzlük buýdaý tohumlarynyň gögermegi üçin talabalaýyk ideg işleriniň geçirilýändigini bellediler.