Türkmenabatdaky pagta egriji fabrigi 2021 ýylyň meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdi


24.11.2021

Türkmenabatdaky pagta egriji fabrigi ýylyň başyndan bäri 33 million manatdan gowrak önüm öndürdi. Fabrik 5 347 800 manatdan gowrak önüm öndürilip, ýyllyk meýilnamasyny möhletinden öň ýerine ýetirmegi başardy.

Şu ýyl Russiýa, Beýik Britaniýa, Türkiýe, Azerbaýjan we Gyrgyzystana 1 846 tonna pagta ýüplügi eksport edildi.

Geçen ýyl fabrikada 4 130 764 manat önüm öndürilip, meýilleşdirilen ýyllyk meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdi.