Sakarçägäniň pagta egriji fabriginde meýilnama 103 göterim ýerine ýetirildi


01.11.2021

Sakarçägäniň Gurbansoltan Atamyradowa adyndaky pagta egriji fabriginde şu ýylyň degişli döwründe öňde goýlan meýilnama 103 göterim ýerine ýetirilip, kärhananyň işgärleri pudagyň ösmegine möhüm goşant goşýarlar.

Dokuz aýyň dowamynda fabrik tarapyndan meýilleşdirilen 3954 tonna ýüplügiň ýerine 4096 tonna önüm öndürildi. Fabrigiň önümleri ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.