Daşoguz welaýatynda pagta arassalamak işine başlandy


25.10.2021

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky pagta arassalaýjy kärhanasynyň hünärmenleri gije-gündiziň dowamynda pagta arassalamak boýunça işlerini alyp barýarlar. Döwrebap gurallar bilen enjamlaşdyrylan kärhanada her gün 250-300 tonna pagta gaýtadan işlenilýär. Kärhananyň kuwwaty ýylda 40 müň tonna pagtany arassalamaga ukyplydyr.  Pagta arrasalaýjy kärhananyň işgärleri pagtanyň arassalygyna, hiline we çyglylygyna gözegçilik edýärler.