Nah mata kombinatynyň önümçiliginde sanly ulgamyň tehnologiýalaryndan peýdalanylýar


07.10.2021

«Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky S.A.Nyýazow adyndaky Nah mata kombinatynda alnyp barylýan guramaçylyk we önümçilik işlerine sanly ulgamy ornaşdyrmakda uly işler durmuşa geçirilýär.

Nah-mata kombinatynda hatlary ugratmak we kabul etmek işleri internet tory arkaly ýerine ýetirilýär. Kombinatyň işgärleriniň sanawy we işe gelýän wagtlary elektron ýüz tanaýjy kameralar arkaly ýazgy edilýär.

Ýeri gelende bellesek, kombinatda işiň esasy görnüşi önümçilik bolup, häzirki wagtda ol 3 görnüşden ― dokma, jorap we sintepon önümçiliginden ybaratdyr. Dokma önümçiliginiň ortaça ýyllyk kuwwaty 4169 müň inedördül metre, jorap önümçiligiňki 2,5 müň jübüt önümlere, sinteponyňky bolsa 1440 müňe deňdir.

Geljekde-de nah mata kombinatynyň guramaçylyk we önümçilik işlerini sanlylaşdyrmak boýunça wezipeler durmuşa geçiriler.