Köneürgenjiň pagta egriji kärhanasy önümlerini daşary döwletlere çykarýar


04.10.2021

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky pagta egriji kärhana öz önümlerini Hytaýa eksport etmek işini ýola goýdy. Bu barada «Туркменистан: золотой век» neşirinde habar berilýär.

Ol ýurduň iň ýaş dokma kärhanasy hasaplanylýar. Kärhananyň önümçilik kuwwaty bir ýylda pagta ýüplüginiň 6000 tonnasyny we gaýtadan işlenilen pagta süýüminiň 6700 tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Ýüplükleriň «Open End» atly pnewmomehaniki usul boýunça taýýarlanylmagy kärhananyň önümleriniň hiliniň halkara talaplaryna laýyk gelmegini üpjün edýär.

Kärhanada dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň energiýa sarp edijiligi tygşytly bolan önümçilik enjamlary ornaşdyrylandyr.

Daşoguz welaýatynyň dokma kärhanalarynda önümçiligiň doly aýlanyşygy ýola goýlup, pagtanyň gaýtadan işlenilmegi esasynda ýokary hilli önüm alynýar.