Dokma senagatynyň ekspozisiýasy sergä gatnaşyjylaryň ünsüni çekmegi başardy


09.08.2021

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň gazanan üstünlikleri 6-7nji awgustda Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunda guralan milli önümleriň halkara sergisinde görkezildi.

Milli dokma senagatynyň kärhanalarynyň şeýle halkara sergilerine yzygiderli gatnaşyp, öz önümleri we zähmet üstünlikleri bilen tanyşdyrýandygy bellärliklidir. Häzirki wagtda Türkmenistanda 70-den gowrak dokma kärhanalary hereket edip, olar pagta çig malyndan dürli görnüşli önümleri ― pagta ýüplügini, matalary, taýýar trikotaž, tüýjümek, jins we garyşyk matalary öndürmek bilen meşgullanýarlar.

Türkmen dokma kärhanalarynyň dürli görnüşli önümleri ýokary hil derejesine eýe bolup, diňe bir ýurduň çäginde däl, eýsem, daşary döwletlerde ýokary islegden peýdalanýar. Bu kärhanalaryň öndürýän önümleriniň 70%-den gowragy Russiýa, ABŞ-a, Türkiýä, Hytaýa, Ukraina, Ýewropa we Pribaltika ýurtlaryna eksport edilýär.

Türkmenistanyň Dokma senagatynyň önümleri ýerleşdirilen diwarlyklar her bir sergide daşary ýurtly myhmanlaryň ünsüni özüne çekýär. Ýakynda geçirilen halkara sergide hem dokma kärhanalary milli we döwrebap biçüwli önümleriniň ― zenanlar we erkekler üçin niýetlenilen jinsleriň, köýnekçeleriň, zenan lybaslarynyň, nagyşlar bilen bezelen begresleriň, şeýle hem pagta ýüplüginiň görnüşleriniň giň toplumyny sergä gatnaşyjylara ýetirdiler.