Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 26–30-njy iýuny aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom sebitinde geçiriljek «Hytaý – Ýewraziýa EKSPO» halkara sergisine milli pawilýonyň gatnaşmagyny üpjün etmek barada tabşyryk berdi.
Bu giň gerimli çärä ýurduň milli pawilýonynyň gatnaşmagy, dürli pudaklaryň, şeýle hem hususy öndürijileriň harytdyr hyzmatlarynyň hödürlenmegi eksporta niýetlenen türkmen önümleriniň Hytaý bazaryndaky ornuny giňeltmäge we söwda-ykdysady hem işewürlik gatnaşyklaryny berkitmäge mümkinçilik berer.
«Hytaý – Ýewraziýa EKSPO» Hytaý bilen Ýewraziýanyň arasyndaky söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin möhüm ýerlikdir. Bu sergi Hytaý we Ýewraziýa ýurtlarynyň işewür wekillerine täze önümler we tehnologiýalar bilen tanyşmaga, şeýle hem işewür hyzmatdaşlary tapmaga mümkinçilik döreder. Mowzugy «Ýüpek ýolundaky täze mümkinçilikler. Ýewraziýa üçin täze durmuş güýji» bolan bu ýylky serginiň Beýik Ýüpek ýolunyň parahatlygy we hyzmatdaşlygy, aç-açanlygy we giň gerimliligi, birek-birekden öwrenmegi we umumy peýdany göz öňünde tutýan ruhuny ösdürmek üçin döredilendigi nygtalýar.
2024-nji ýylda sekizinji gezek geçiriljek «Hytaý – Ýewraziýa EKSPO» sergisiniň has uly we üstünlikli çärä öwrülmegine garaşylýar. Bu ýerde üç sany esasy sergi zolagy dörediler: maýa goýum hyzmatdaşlygy sergi zolagy, halkara sergi zolagy we ýöriteleşdirilen pudaklar sergi zolagy. Sergä elli töweregi ýurt we sebit, şeýle hem halkara guramalar gatnaşar. Olaryň ýigrimi ýedisi öz sergi zallarynda özboluşly önümlerini görkezerler.
Esasy sergi toparlary energetikany, enjam, dokma we geýim önümçiligini, sanly tehnologiýalary, oba hojalyk we azyk önümlerini, medeniýet we syýahatçylygy öz içine alýar. EKSPO wagtynda «Týan-şan» Forumynyň açylyş dabarasy ýaly möhüm çäreler, şeýle hem Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň hyzmatdaşlygynyň degişli ugurlary boýunça forumlar, mowzuky çäreler, Hytaý we daşary ýurt medeniýeti hepdeligi we maýa goýumlarydyr söwdany çekmek boýunça birnäçe çäreler geçiriler.
Copyright © 2024 | Ähli hukuklar goragly