Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistany ösdürmekde döwlet maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi barada aýdyp berdi


02.09.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy sapak geçdi.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Türkmenistany ösdürmekde döwlet maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi barada aýdyp berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözlerine görä, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe başyny başlan özgertmelerimiz barha rowaçlanýar.

«Täze taryhy döwürde uzak geljegi nazarlaýan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» kabul edilip, berkarar Watanymyzda ösüşleriň ýeňişli we şöhratly ýollary geçilýär» – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Gahryman Arkadagymyz ylmyň gazananlary we innowasiýalar esasynda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, sanlylaşdyrmak hem-de senagatlaşdyrmak boýunça işleri üstünlikli dowam edýändigimizi aýtdy.

«Döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryny, sebitlerimizde häzirki zaman obalaryny, şäherçeleri, kiçi, orta we iri senagat önümçiliklerini, döwrebap ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny gurýarys» – diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

«Raýatlarymyzyň durmuş goraglylygyny, iş üpjünçiligini, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrýan özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys» – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýratyn üns çekdi.